MALIÝE TEHNOLOGIÝALARYNYŇ WE HASABAT ULGAMLARYNYŇ TÜRKMENISTANDA SANLY ÖZGERIŞI: MÖHÜM MESELELER WE ÖSÜŞ TAPGYRLARY
Опубликован 22.06.2026
Как цитировать
Аннотация
Bu makalada häzirki zaman sanly ykdysadyýet şertlerinde maliýe tehnologiýalarynyň (FinTech - financial technologies) buhgalteriýa we maliýe hasabat ulgamlarynyň ösüşine edýän täsiri öwrenilýär. Gözlegiň dowamynda emeli aň, bulut tehnologiýalary, blokçeýn, uly maglumatlar (Big Data) we awtomatlaşdyrylan hasabat platformalary ýaly innowasion çözgütleriň hasabat işleriniň netijeliligini, takyklygyny, çaltlygyny we aç-açanlygyny ýokarlandyrmakdaky orny seljerilýär. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi, ABŞ, Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlaryň tejribesi esasynda sanly maliýe tehnologiýalarynyň hasabat ulgamlaryna ornaşdyrylmagynyň ykdysady netijeleri bahalandyrylýar. Türkmenistanyň şertlerinde sanly hasabat infrastrukturasyny ösdürmegiň, milli ERP (Enterprise Resource Planning — kärhananyň resurslaryny meýilleşdirmek) ulgamyny döretmegiň, awtomatlaşdyrma derejelerini ýokarlandyrmagyň we hasapçylaryň sanly başarnyklaryny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenýär. Gözlegiň netijeleri FinTech çözgütleriniň ornaşdyrylmagynyň hasabat işleriniň hilini ýokarlandyrmaga, çykdajylary azaltmaga we ykdysady dolandyryşyň netijeliligini berkitmäge ýardam edip biljekdigini görkezýär.
Библиографические ссылки
- Berdimuhamedov G. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.
- Berdimuhamedov S. Ýaşlar – Watanyň daýanjy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023.
- National Program of Socio-Economic Development of Turkmenistan for 2022–2052. – Ashgabat, 2022.
- Concept for the Development of the Digital Economy in Turkmenistan for 2019–2025. – Ashgabat, 2019.
- Central Bank of Turkmenistan. Annual Report. – Ashgabat, 2024.
- Arner D.W., Barberis J., Buckley R.P. FinTech, RegTech and the Reconceptualization of Financial Regulation // Northwestern Journal of International Law & Business. – 2017. – Vol. 37. – No. 3. – P. 371–414.